Şu ýyl Go Viral festiwaly ilkinji gezek Şyşmkent şäherinde 17-18-nji maýda geçirilýär. Bu çäre diňe bir Gazagystanyň gatnaşyjylaryny hem-de myhmanlaryny däl-de eýsem tutuş Merkezi Aziýa sebitini birleşdirer. Size Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan iň parlak spikerler garaşýar.
Eger-de Siz biziň bileleşigimiziň işjeň gatnaşyjysy bolsaňyz hem-de hut özüňizi Şymkent şäherine Go Viral sebit festiwalyna gelmeli diýip hasaplaýan bolsaňyz, onda siziň travel grant almak üçin arza bilen ýüz tutmaklyga ajaýyp mümkinçiligiňiz bar.
Travel grant festiwal geçirilýän günlerinde ýol (ýerüsti/howa ulagy), ýaşamak we naharlanmak üçin çykdajylary tölemekligi öz üstüne alýar.
👉 Biz kimi gözleýäris?
Ýaňy meşgullanyp başlan ýa-da eýýäm meşhur bolan blogerler;
Dürli bileleşigiň işjeň gatnaşyjylary ýa-da hut öz bileleşiginiň esaslandyryjylary;
Go Viral festiwalynyň çärelerine işjeň we birnäçe gezek gatnaşan bolsaňyz.
📝 Arzany nähili bermeli?
Näme üçin hut özüňizi festiwala gatnaşmaly diýip hasaplaýandygyňyz barada düşnükli we aýdyň esaslandyrmak bilen arzanyň aşakda görkezilen formasyny dolduryň.
👉 Arzany kim berip biler?
18 ýaşyndaky we ondan ulular;
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň haýsy hem bolsa biriniň raýaty: Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan, Özbegistandan
Şertli duýduryş:
— Türkmenistanly gatnaşyjylar üçin 29-njy fewrala çenli (wiza almak üçin ýüz tutmak bilen baglylykda)
🚀 Bu gyzykly wakanyň bir bölegi bolmak mümkinçiligiňizi elden gidermäň!